Siziň hemmäňizi 2023-nji ýylyň 17-nji iýuny, şenbe güni Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetinde geçiriljek däbe öwrülen TASA simpoziumyna çagyrýarys. Bu ýylky çäräniň ylham beriji gepleşiklere, özüne çekiji temalara we gymmatly aragatnaşyk mümkinçiliklerine baý, adatdan daşary tejribe boljakdygyny wada berýäris.
Simpoziumymyz bilim paýlaşmak we pikir alyşmak üçin professorlary, hünärmenleri, ylmy işgärleri we dürli pudakdan bilermenleri birleşdirýän özboluşly platformadyr. Abraýly bilermenlerimiz özlerine degişli ugurlarda soňky gazanylanlary paýlaşarşlar we täze garaýyşlar bilen tanyşdyrarlar. Sizi özüne çekiji intellektual syýahata çagyrýarys! Simpoziumda hemmä gyzykly, täsin we öwreniljek mowzuk bardyr.
Simpoziumymyz baý mazmunly bolmagynyň ýany bilen, tutuş maşgalaňyz üçin niýetlenen gyzykly, janly we hemmäni öz içine alýan programma bilen tamamlanar. Çäramizi tagamly türkmen naharlary, oýunlar we gulagyňyzyň posuny açjak türkmen aýdym-sazlary bilen bezelen agşam bilen jemläris.
Senäni kalendaryňyza belläň, Tehasyň Ostin şäherinde geçiriljek TASA-nyň 17-nji simpoziumynda hemmäňize garaşýarys!
Simpozium çykyşlaryny Zoom we Youtube kanalymyzdan seredip bilersiňiz!
We are delighted to invite you to this year’s annual TASA Symposium at the University of Texas at Austin, Austin TX on Saturday, June 17, 2023. Please join us to appreciate the brightest minds and innovators walking among us and their work. This year’s event promises to be an extraordinary experience filled with inspiring talks, captivating subjects, and valuable networking opportunities.
Our symposium is a unique platform that brings together professors, professionals, researchers, and industry experts to share their knowledge and exchange ideas. The Symposium offers something for everyone. Prepare to embark on a captivating intellectual journey as our experts in their respective domains share the latest advancements and provide fresh perspectives.
In addition to the enriching content, our Symposium concludes with an entertaining, vibrant, and inclusive atmosphere for your whole family. A feast for your taste buds with Turkmen dishes, games to stimulate your mind, and Turkmen music and songs for your soul.
Save the date, mark your calendars, and can not wait to see you all at the 17th Annual TASA Symposium!
Recommended Hotel: Homewood Suites by Hilton, 13001 Center Lake Dr, Austin, TX 78753.